“Ak Bulut” hojalyk jemgyýeti senagat awtomatizasiýasy we önümçilik tehnologiýalary ulgamynda ýöriteleşen Germaniýanyň “Grenzebach” konserni bilen strategik Ylalaşyga gol çekdi.
Ylalaşyk häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmagy, önümçilik işleri döwrebaplaşdyrmagy we ýurduň gurluşyk pudagynyň innowasion düzümini ösdürmegi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlyk tejribesini alyşmak we hil boýunça Ýewropa ülňülerine geçmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
“Ak Bulut” kompaniýasy gipsokarton, gury gurluşyk garyndylary, metal profiller we asma potolok ulgamlaryny öndürmekde ýöriteleşýär. “Grenzebach” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriniň we awtomatlaşdyrylan önümçilik dolandyryş ulgamlarynyň ulanylmagy arkaly türkmen kärhanasynyň tehnologik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Taraplaryň pikirine görä, bilelikdäki taslamalar önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, önümçilik işlerini amatly ýagdaýa getirmäge we hünärmenleri taýýarlamaga gönükdiriler. Şeýle-de bu hyzmatdaşlygyň senagat pudagynyň ösüşinde möhüm ädim bolmagyna we Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmegine garaşylýar.
“Ak Bulut” hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýylda döredilip, Türkmenistanda asma potolok ulgamlaryny we metal profilleri öndürýän ilkinji kärhana bolup durýar. Kärhana häzirki zaman tehnologik liniýalary we ISO standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan hil gözegçilik ulgamy bilen üpjün edilendir. Kompaniýanyň önümleri ýaşaýyş jaý, täjirçilik we senagat gurluşygynda, şol sanda iri infrastruktura taslamalarynda ulanylýar.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
(+99312) 754243 / 754244
(+99362) 24 00 44,
+99362 24 00 55,
+993 62 14 00 44
Elektron salgylary:
info.akbulut.es@gmail.com
info@akbulut.info
export@akbulut.info
Baş edarasy we şourumy:
Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesiniň 29/1 jaýy, 1–3-nji gatlar

















