Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda Gurban baýramy giňden bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ynsanperwerligiň, dostlugyň we parahatçylyk söýüjiligiň ýörelgelerini berkitmäge hyzmat edýän, türkmen halkynyň ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, şeýle hem jemgyýetde agzybirligi, özara hormat goýmagy we ruhy bitewüligi özünde jemleýän Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.
Baýramçylyk günlerinde ýurduň ähli welaýatlarynda aýdym-saz dabaralary we medeni çäreler geçirilýär. Her bir maşgala Gurban baýramy mynasybetli sadaka berýär we ýurduň parahatçylygy, abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin doga-dilegler edýär.
Mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2026-njy ýylyň 27-28-29-njy maýynda bellemek hakynda degişli Permana gol çekdi.

















