ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary Sara Rodžers Günorta we Merkezi Aziýa boýunça resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň çarşenbe güni habar bermegine görä, sapar 27-nji maýdan 10-njy iýuna çenli dowam eder. Saparyň maksatnamasyna Hindistan, Nepal we Özbegistan hem girýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bu Sara Rodžersiň 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda wezipesine girişeninden bäri Merkezi Aziýa amala aşyrýan ilkinji iri sapary bolar.
Sara Rodžers ABŞ-nyň daşary ýurtlardaky jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk işleri, bilim we medeni alyş-çalyş maksatnamalary, şeýle hem jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça ugurlara jogapkärçilik edýär.

















