Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy 26-njy maýda türkmen halysynyň güni mynasybetli “Halyçylyk we keşdeçilik sungaty — türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerliginiň we ussatlygynyň nyşany” atly medeni çäräni gurady. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy habar berdi.
Çäre Ukrainadaky Daşary ýurt diplomatik korpusynyň zenanlar klubynyň wekillerini, ukrain jemgyýetçiligini, saz we umumy bilim berýän mekdepleriň, kitaphanalaryň wekillerini, medeniýet we sungat işgärlerini, şeýle hem türkmen halkynyň taryhyna we milli däp-dessurlaryna hakyky gyzyklanma bildirýän myhmanlary bir ýere jemledi.
Myhmanlara türkmen halyçylyk sungatyna we milli keşdeçilige bagyşlanan ýörite maksatnama hödürlendi. Gatnaşyjylara türkmen halylarynyň taryhy, däp bolan nagyşlaryň alamatlary, el bilen dokamagyň aýratynlyklary hem-de halyçylygyň Türkmenistanyň milli medeniýetindäki ähmiýeti barada gürrüň berildi. Maksatnama surat we wideo tanyşdyrylyşy bilen utgaşdyryldy.
Çärede 2019-njy ýylda türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine, şeýle hem 2022-nji ýylda milli keşdeçilik sungaty — “Keşdeçilik sungaty” atly mirasyň ÝUNESKO-nyň sanawyna goşulmagyna aýratyn üns berildi berildi.
Çäräniň çäklerinde türkmen amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Onda elde dokalan halylar, milli keşdeçilik nusgalary, milli egin-eşikler, şaý-sepler we durmuş esbaplary görkezildi.
Maksatnamanyň aýdym-sazly çykyşlarynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky medeni we dostlukly gatnaşyklar aýratyn nygtaldy. Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.













