Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow sişenbe güni Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Tea Ioseliani bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşiklere “Gruziýanyň demirýollary” paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Laşa Abaşidze hem gatnaşdy. Taraplar duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, maýa goýumlaryny çekmegiň hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek hem-de ugurdaş döwlet edaralaryň we işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary berkitmek üçin amatly şertleri döretmäge, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we özara bähbitli başlangyçlary ilerletmäge gönükdirilen netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Ozal habar berlişi ýaly, 2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwilini kabul etdi. Şol gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

















