Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow Astanada geçirilen C5+1 möhüm minerallar dialogyna gatnaşdy. Duşuşyk Gazagystanyň senagat we gurluşyk ministri Ýersaýyn Nagaspaýewiň hem-de ABŞ Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Goryň bilelikdäki ýolbaşçylygynda geçirildi. Bu barada Gazagystanyň Senagat we gurluşyk ministrligi çarşenbe güni habar berdi.
Çärä Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümet wekilleri gatnaşdy. Dialogyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda geologiki gözlegler, möhüm minerallary gazyp almak, gaýtadan işlemek we dünýä bazaryna çykarmak ugrundaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk “Astana Mining & Metallurgy (AMM-2026)” atly 16-njy halkara dag-magdan we metallurgiýa kongresiniň öňüsyrasynda geçirildi.

Gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem kesgitlediler. Olaryň hatarynda gaýtadan işlemek pudagynda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmek, senagat klasterlerini döretmek, tehnologiýa geçirişini amala aşyrmak, hünärmenleri taýýarlamak we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek we beýleki ugurlar hem bar. Şeýle hem önümleriň dünýä bazaryna ygtybarly ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça ähli taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bilelikdäki senagat hem-de infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
C5+1 formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

















