Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegini döretmek baradaky Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda topary döretmek we ilkinji mejlisi geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň mejlisinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri, şol sanda Slowakiýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















