Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçiren söwdalarynda Özbegistandan we Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 13 million 732 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berdi.
Türkiýeli işewür ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn almak barada geleşik baglaşdy. Geleşigiň jemi bahasy 466 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 58 million 113 müň manada deň bolan Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalarda öndürilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
TDHÇMB-niň anna güni geçiren söwdalarynda jemi 14 sany geleşik baglaşyldy.

















