Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” sammitiniň taýýarlyk mejlisine gatnaşdy

BT
Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” sammitiniň taýýarlyk mejlisine gatnaşdy
“Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitine taýýarlyk boýunça ýokary derejeli wezipeli adamlaryň ikinji mejlisi, 2026-njy ýylyň 16-njy iýuny, Daşkent, Özbegistan (Surat:Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow sişenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen "Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy" birinji sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriň ikinji maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Maslahata Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar sammitiň taýýarlyk işleriniň barşyna garadylar hem-de jemleýji resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy.

Maslahatyň netijeleri boýunça taraplar ilkinji “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” sammitine taýýarlyk işlerini utgaşdyrmagy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu formatdaky ýokary wezipeli wekilleriň birinji maslahaty 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Seul şäherinde geçirilipdi.

2022