Türkmenistan dokma, azyk, ýeňil senagat we deri önümlerini Yragyň bazaryna eksport etmegi teklip etdi. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Yrak Respublikasynyň Kirkuk şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda aýdyldy. Duşuşyga Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar hem gatnaşdy.
Türkmen tarapy degişli önümleri Yrak bazaryna ibermäge taýýardygyny mälim etdi hem-de yrakly kärdeşlerini Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” halkara sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Öz gezeginde yrakly wekiller Kirkuk şäheriniň sebitdäki strategik we senagat ähmiýetine ünsi çekip, geljekde türkmen telekeçilerinden ybarat wekilçilikli topary öz ýurtlarynda garşylamaga hem-de täze hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmäge isleg bildirdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek, hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmek we ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

















