Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde ýerleşýän “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermer we granit zawodynda şu ýylyň ilkinji bäş aýynda 2 million 600 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, kärhanada önümçilik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 121,8 göterimden gowrak artdy.
Degişli döwürde ýol we ýanýoda gurluşygynda ulanylýan dürli görnüşli bezeg daşlaryna, arhitektura şekillerine hem-de sütün örtgi plitalaryna ýokary isleg bildirildi.
2006-njy ýylda işe girizilen kärhana häzirki wagtda mermer we granit önümleriniň giň görnüşlerini öndürýär. Bu ýerde bezeg daşlary, ýanýoda jähek daşlary, örtgi plitalary, basgançak we beýleki gurluşyk harytlary taýýarlanylýar.

















