Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli türkmen işewür toparlarynyň we sport ulgamynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Diplomat söwda ulgamynda iş alyp barýan “Haýran” türkmen kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda söwda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de işewür gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ilçi ýerli “Garagum” futbol klubunyň sport direktory bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Taraplar işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem türkmen düzümleri bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň hyzmatdaşlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

















