Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda çarşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Çärä gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi.
Mejlisiň dowamynda taraplar türkmen-slowak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler özara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini, onuň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.
Taraplar söwda, maýa goýum we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem iki ýurduň hojalyk subýektleriniň arasynda ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Soňra Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň işçi duşuşygy we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Вuşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi 18 iýunynda hem öz işeni dowa, eder. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

















