Türkmenistanda täze Müfti bellenildi

BT
Türkmenistanda täze Müfti bellenildi
Hezreti Omar metjidi, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen Rahman Gurbanmyradow Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Resminama laýyklykda, Rahman Gurbanmyradow Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy — welaýatyň Baş ymamy wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Müftüsi wezipesini ýerine ýetirip gelen Ýalkap Hojagulyýew bu wezipeden boşadyldy.

Mundan başga-da, Wepamuhammet Işangulyýew Aşgabat şäheriniň Baş ymamy wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň müftüsiniň müdirliginiň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy — welaýatyň Baş ymamy wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Güýçgeldi Agaýew Ärtogrul Gazy metjidiniň Baş ymamy wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň müftüsiniň müdirliginiň Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy — şäheriň Baş ymamy wezipesine bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022