Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň başynda Jamşid Hojaýew Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutany öz gezeginde Özbegistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de özbek wekiliýetine bilelikdäki toparyň 19-njy mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutany söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini aýdyp, energetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlaryny, şeýle hem iri infrastruktura we maýa goýum taslamalaryny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Şeýle hem hökümetara toparyň özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça tagallalary utgaşdyrmakda we öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň özara söwda dolanyşygynyň artmagyna goşmaça itergi berendigi hem bellenildi.
Duşuşykda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtalyp, iki ýurtda medeni çäreleriň geçirilmeginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň guralmagynyň bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew Türkmenistan bilen Özbegistanyň iki doganlyk halkyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.















32444-90x604.jpeg)

