Koreý ilçisi "Ojar Aziýa" kompaniýasy bilen Türkmenistandaky taslamalary maslahatlaşdy

BT
Koreý ilçisi "Ojar Aziýa" kompaniýasy bilen Türkmenistandaky taslamalary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Koreýadaky ilçisi Li Wonje «Ojar Aziýa» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda, 2026-njy ýylyň 17-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Wonje 17-nji iýunda "Ojar Aziýa" kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdy. Bu barada Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda awtomobil ýollarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça durmuşa geçirilýän taslamalaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşykda taraplar Günorta Koreýanyň kompaniýalary, şol sanda S&T korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar söhbetdeşligiň ahyrynda, türkmen-koreý işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

2022