Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçilikler dörediler

BT
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçilikler dörediler
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna täze önümçilikleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze önümçilikleriň döredilmegi daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň öndürilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenisyanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda nebiti gaýtadan işleýän senagaty yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we nebithimiýa önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçiligi döretmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022