Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň halkyny milli baýramy bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň halkyny milli baýramy bilen gutlady
Kanadanyň güni mynasybetli Toronta şäherinde geçirilýän baýramçylyk ýörişinden bir pursat (Surat: Mark Blinch/Reuters)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Luiza Arbura we ýurduň halkyna Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Luiza Arbura berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kanadanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Kanadanyň güni her ýylyň 1-nji iýulynda bellenilýär. Bu baýram 1867-nji ýylda birnäçe britan koloniýasynyň bitewi Kanada dominionyna birleşmegini göz öňünde tutan Britan Demirgazyk Amerika kanunyň güýje girmegine bagyşlanýar.

Milli baýram mynasybetli Kanadanyň ähli künjeginde ýurduň taryhyna, medeniýetine bagyşlanan resmi dabaralar, konsertler, medeni hem-de baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022