Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki "Pilbergen" atçylyk toplumynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i çarşenbe güni habar berdi.
Çärä Türkmenistanda iş alyp barýan diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar Ýewropada ilkinji gezek geçiriljek bu halkara çäräniň taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy.
Brifingiň dowamynda ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň meýilleşdirilişi barada maglumatlar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çempionat we gözellik bäsleşigi Türkmenistanyň özboluşly medeni mirasyny we ahalteke bedewleriniň baý gymmatlygyny halkara derejede giňden tanyşdyrmaga ýardam berjek möhüm waka bolar.
















