Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda gün energiýa ulgamlary ornaşdyrylýar

BT
Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda gün energiýa ulgamlary ornaşdyrylýar
BMGÖM-iň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri Mary welaýatynyň Ýolöten etrap hassahanasynyň lukmançylyk işgärleri bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler (Surat: Türkmenistandaky BMGÖM)

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde Mary welaýatynyň Ýolöten etrap hassahanasynda iki sany gün fotoelektrik ulgamynyň gurnama işlerini tamamlady. Ulgamlaryň umumy kuwwaty 30 kWt deňdir. Bu barada BMGÖM penşenbe güni habar berdi.

Ornaşdyrylan gün energiýa ulgamlary saglygy goraýyş edarasyny täzelenýän elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Bu bolsa energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, adaty energiýa çeşmelerine garaşlylygy azaltmaga hem-de möhüm lukmançylyk hyzmatlarynyň üznüksiz ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Her bir ulgam elektrik energiýasyny ýygnamak üçin akkumulýatorlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar elektrik üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykan ýagdaýynda 12 sagada çenli ätiýaçlyk energiýa bilen üpjün eder. Munuň netijesinde täze doglan bäbekler üçin intensiw bejeriş bölümi, dogrum öýi, kliniki barlaghana, gemodializ bölümi we operasiýa otaglary ýaly esasy bölümleriň işi dowam etdiriler.

Hasaplamalara görä, gün panelleri ýylda takmynan 46 MWt·s elektrik energiýasyny öndürer. Bu bolsa ýylsaýyn parnik gazlarynyň zyňyndylaryny takmynan 25 tonna CO₂ möçberinde azaltmaga mümkinçilik berer.

Bu başlangyç durmuş düzümlerinde durnukly energiýa çözgütlerini ornaşdyrmak hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň energiýa üpjünçiligindäki bökdençliklere durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň çäklerinde amala aşyryldy.

2022