Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 63 million 430 müň manada we 1 million 721 müň 211 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.
Daşary ýurt bazarynda geçirilen söwdalaryň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli telekeçilerden 1-nji hilli arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny satyn almak boýunça şertnama baglaşdylar. Şeýle hem Türkiýäniň kompaniýalary türkmen öndürijilerinden nah matany we dokma önümlerini satyn aldylar.
Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň öndürýän “TPP D 30 S” kysymly polipropilenini hem-de “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi bahasy 10 million 81 müň ABŞ dollaryna we 72 million 634 müň manada deň bolan 30 geleşik baglaşyldy.

















