Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň 102 kilometri guruldy

BT
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň 102 kilometri guruldy
Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Magdan senagaty we nebit ministri Hedaýatulla Badri bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 7-nji iýuly, Kabul, Owganystan (Surat: “ToloNews”)

Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň 102 kilometrlik böleginiň gurluşygy tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Magdan senagaty we nebit ministri Hedaýatulla Badri bilen geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, "TOLONews" habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen ilçisi TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny we taslamanyň alnyp barlyşynda gazanylan soňky netijeleri ara alyp maslahatlaşdy. Hoja Öwezow gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň üstünlikli dowam edýändigini, taslamanyň galan bölekleriniň bolsa bellenilen möhletlere laýyklykda tamamlanjakdygyny belledi.

Owganystanyň Magdan senagaty we nebit ministri Hedaýatulla Badri TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini goldamak üçin ýurduň hukuk taýdan zerur bolan goldawlary bermäge taýýardygyny tassyklady.

Uzynlygy 153 kilometre barabar bolan Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy TOPH taslamasynyň Owganystandan geçýän böleginiň düzümine girýär. Ozal bu bölegiň gurluşygyny 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamagyň meýilleşdirilýändigi barada habar berlipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022