Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow, 2026-njy ýylyň 8-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Mikail Jabbarow mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de myhman döwletara gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejedäki yzygiderli dialogyň ornuny belläp, hormatly Prezidentimiziň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygynda täze sahypany açandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany myhmanyň saparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisiniň ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini belledi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Azerbaýjan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Taraplar syýasy dialogyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilýändigini we bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Taraplar ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde hökümetara toparyň ornuny bellediler. Şeýle hem söwda, logistika, ylym we tehnika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, energetika, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini we logistika ugurlaryny kämilleşdirmegiň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow däp bolan türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022