Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýranyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna geçirilen matam çäresine gatnaşandygy we Türkmenistanyň Eýran halkyna bildiren gynanjy hem-de beren goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Bu barada THP penşenbe güni habar berdi.
Masud Pezeşkian öz hatynda, Eýranyň merhum ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň “Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar goňşuçylykdan hem has ýokary, garyndaşlyk gatnaşyklarydyr” diýen sözlerini ýatlap, kyn günlerde berlen goldawyň unudylmajakdygyny belledi.
Mundan ozal Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna baryp, ýurduň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna geçirilen matam çäresine gatnaşdy. Saparyň çäklerinde ol Eýran Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiýana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz adyndan hem-de ähli türkmen halkynyň adyndan duýgudaşlyk bildirip, gynanç sözlerini aýtdy.
Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian we Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bagyr Galibaf bilen hem duşuşyklary geçirdi.

















