Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Prezidentiň tabşyrygyna laýyklykda, degişli Kanunyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, taslama Gahryman Arkadagyň maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanylyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 82-nji maddasyna laýyklykda döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen soňky döwürde birnäçe kanunlaryň kabul edilendigini we köp sanly kanunlara üýtgetmeleriň hem-de goşmaçalaryň girizilendigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany hukuk binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutany mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden belleniljekdigini aýdyp, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramagyň wajypdygyny belledi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ikinji ýarymynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de beýleki halkara çärelere, şeýle-de Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

















