“Miwe” kompaniýasy “Ginger Gold” görnüşli almanyň ilkinji tapgyryny Russiýa, Gazagystana we Gruziýa eksport etdi. Irki alma we armyt hasylyny ýygnamak işleri Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda alnyp barylýar. Kompaniýanyň baglary 8 müň gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Bu barada THP habar berýär.
Bu möwsümde daýhanlar takmynan 14 müň tonna miwe ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welatynyň gurak howa şertlerinde Ýewropanyň alma sortlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin awtomatlaşdyrylan damjalaýyn suwaryş ulgamy ulanylýar we agaçlara kompaniýanyň öz taýýarlan hünärmenleri gözegçilik edýär.
Önümiň hiline gözegçilik Full Chain ýörelgesi, ýagny şahadan söwda tekjesine çenli ähli tapgyrlary öz içine alýan ulgam arkaly amala aşyrylýar. Hasyl ýygnalandan soň, önümler awtomatiki sortlaýyş liniýalaryndan geçirilýär we sowadyjy kameralarda saklanylýar.
Kompaniýanyň esasy aýratyn ugurlarynyň biri hem miweleri sublimasiýa usuly bilen gaýtadan işlemegindedir. Bu ýerde alma, ýertudana we şetdaly miwelerindäki çyglylyk doly aýrylyp, olaryň düzümindäki witaminler hem-de peýdaly mikroelementler saklanyp galýar. Bu usul artykmaç hasyly netijeli gaýtadan işlemäge giň mümkinçilik berýär.

















