Türkmen telekeçileri “BUDEXPO-2026” halkara gurluşyk sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri “BUDEXPO-2026” halkara gurluşyk sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
“BUDEXPO-2026” halkara sergisi (Surat: BUDEXPO

Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 16-18-nji sentýabry aralygynda Belarussiýanyň Minsk şäherindäki halkara sergi merkezinde geçiriljek “BUDEXPO-2026” sergisine çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

“BUDEXPO-2026” halkara arhitektura-gurluşyk sergisi gurluşyk we bezeg materiallaryny öndürijileri, üpjün edijileri, sarp edijileri, arhitektura we dizaýn bilen meşgullanýan kärhanalary, gurluşyk kompaniýalaryny hem-de degişli pudaklaryň wekillerini bir ýere jemleýän halkara işewürlik meýdançasynyň biri bolar.

Sergide gurluşyk we bezeg materiallary, enjamlar, gurallar, häzirki zaman tehnologiýalary hem-de gurluşyk pudagynyň dürli ugurlary boýunça täze işläp taýýarlamalar hödürlener. Gatnaşyjylar öz önümlerini, tehniki çözgütlerini we täze taslamalaryny hünärmenler köpçüligine hödürlemek mümkinçiligine eýe bolarlar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, serginiň esasy ugurlarynyň hatarynda arhitektura, gozgalmaýan emläk, dizaýn, taslama işleri, ýaşaýyş jaý gurluşygy, abadanlaşdyryş, gurluşyk materiallary, gapylar we penjireler, pol örtükleri, keramika, santehnika, ýörite enjamlar, gurluşyk tehnikalary hem-de “akylly öý” ulgamlary bar.

“BUDEXPO-2026”-nyň çäklerinde pudagyň ösüş ugurlaryna, täze tehnologiýalara, innowasiýalara we sanly çözgütlere bagyşlanan işewürlik maksatnamasy hem geçiriler. Şeýle hem sergide hünärmenleriň çykyşlary, maslahatlar we tejribe alyşmak üçin ýörite meýdançalar guralar.

2022