“Miwe” AGPJ ilkinji gezek GDA ýurtlaryna çereşnýany eksport eder

BT
“Miwe” AGPJ ilkinji gezek GDA ýurtlaryna çereşnýany eksport eder
Şahada ösüp ýetişen çereşnýa. (Surat: Pixabay)

Türkmen daýhanlary yssy howa şertlerinde çereşnýany ösdürip ýetişdirmegi özleşdirdiler we şu ýyl ilkinji gezek çereşnýanyň bol hasylyny GDA ýurtlaryna eksport ederler. Bu barada “MIR 24” teleýaýlymynyň habarçysy Igor Mosunow habar berýär.

Aşgabatdan 140 kilometr günorta-gündogarda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bagçylyk toplumynyň 100 gektar meýdanynda çereşnýa ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmenistanda çereşnýa täze ösdürilip ýetişdirilýän bagçylyk ekinleriniň biri bolup, daýhanlar ony ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny başdan özleşdirdiler.

“Çereşnýany ösdürip ýetişdirmekde degişli temperatura şertlerini üpjün etmek zerurdyr. Ilkinji nobatda agajy ösdürip ýetişdirmeli, soňra gowy hasyl almaly we iň kyny — şol hasyly ýygnap, alyja ýetirmek” diýip “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory Yhlas Hudaýnazarow aýtdy.

Bagçylykda çereşnýa ösdürip ýetişdirilmesi çylşyrymly ekinleriň biri hasaplanýar. Ol yssy howa duýgur bolup, ýygnalandan soň tiz zaýalanýar. Ýokary hilli hasyl almak üçin baglar döwrebap suwaryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.

Hasyl ýygnalandan soň ýörite miwe saklanýan ammarlarda sowadylýar. Bu olaryň täzeligini uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Soňra miweler ölçegine görä saýlanyp, sortlara bölünýär we gaplanylýar.

“Biz günde 16 tonnadan 20 tonna çenli miwäni gaýtadan işleýäris. Gaplanandan soň önümler uzak möhletleýin saklanylmagy üçin sowadyjy ammarlara iberilýär we şol ýerden içerki we daşarky bazarlara ugradyrylýar” diýip sowadyjy ammaryň baş hünärmeni Aman Myradow aýtdy.

Mundan ozal “Miwe” AGPJ Russiýa, Gazagystana we Gruziýa 300 tonnadan gowrak alma eksport etdi. Şeýle hem toplum ilkinji gezek GDA ýurtlaryna çereşnýany eksport edip başlar.

2022