Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-iniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibine garadylar

BT
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-iniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibine garadylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 28-nji awgusty, Moskwa, Russiýa (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Söhbetdeşlikde iki ýurduň ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar bilelikdäki bilim we medeniýet taslamalaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Taraplar 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli köptaraplaýyn çäreler boýunça öňde boljak duşuşyklar baradaky meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

2022