Türkmenistanyň energetika, akylly ulag we logistika hem-de möhüm minerallar ulgamlarynda işleýän hususy kompaniýalary 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçiriljek "CAREC 2026" işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrylýar. Işewürlik forumy Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň sekretariaty wezipesini ýerine ýetirýän Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) guramagynda CAREC-iň 25-nji Ministrler maslahatynyň çäklerinde geçiriler. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
Forumyň birinji güni "Maýa goýumlaryny giňeltmek – infrastruktura özgertmelerini ilerletmek", ikinji güni bolsa "Mongoliýa sebitiň üns merkezinde" diýen mowzuklar boýunça geçiriler. Çäräniň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge, hususy pudagyna degişli infrastruktura ösüşine päsgel berýän bökdençlikleri maslahatlaşmaga gönükdirilen – “Energetika we özara arabaglanyşyk”, “Akylly ulag we logistika” hem-de “Möhüm minerallar” boýunça üç sany ugurdaş kiçi forum geçiriler.
Forumyň maksatnamasynda ýokary derejeli umumy mejlisleri, bilermenler toparynyň maslahatlaryny, ugurdaş kiçi forumlary, şeýle hem B2B we B2G duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Forumyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, bu forum CAREC guramasyna agza ýurtlarynyň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary, Aziýa we Ýewropanyň senagat wekilleri, sebitdäki maýadarlar, AÖB-niň ýolbaşçylary we hyzmatdaşlary bilen göni aragatnaşyk gurmak üçin möhüm meýdança bolar. Şeýle hem çärä gatnaşyjylara hususy kärhanalaryň, kiçi we orta telekeçilik subýektleriniň, startaplaryň, ösüş maliýe guramalarynyň, döwlet edaralaryň we kärhanalaryň, işewür birleşikleriň, söwda-senagat edaralaryň wekilleri bilen duşuşmaga mümkinçilik dörediler.
“CAREC 2026” gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän hususy kärhanalar https://carecprogram.org/?event=carec-business-Forum-2026 salgysy arkaly bellige alynmaga çagyrylýar.
Foruma gatnaşmak üçin hasaba alyş 2026-njy ýylyň 15-nji awgustyna çenli dowam edýär.

















