Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

BT
Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler
Türkmen-özbek işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi, 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly, Daşkent, Özbegistan (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 27–29-njy iýuly aralygynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän işewürler maslahatynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary we B2B gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Gepleşiklerde gurluşyk senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, önümçilik mümkinçiliklerini tanyşdyrmak hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahatyny Söwda-senagat edarasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, şeýle hem wekiliýetleriň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda geçiriljek bu işewürler maslahatynyň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, telekeçileriň arasynda täze hyzmatdaşlyk baglanyşyklaryny ýola goýmakda hem-de geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ýardam etmegine garaşylýar.

Türkmenistan bilen Özbegistan soňky ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýär. Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisinde taraplar söwda, ulag, logistika, oba hojalygy we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022