Türkmen-eýran hökümetara topary ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garady

BT
Türkmen-eýran hökümetara topary ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garady
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň Ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi, 2026-njy ýylyň 27-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň DIM-inde duşenbe güni türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň duşuşygy geçirilip, onda söwda-ykdysady hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşykda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüş mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem iki döwleti arasynda we BMG ýaly halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygy aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň ornuny we ähmiýetini mundan beýläk-de güýçlendirmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Eýran tarapy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen we Eýran Yslam Respublikasynyň hem awtordaş hökmünde çykyş eden “Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara bähbitli ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

2022