“Şihmansur” we “Hanguýy” öri meýdanlarynda 800-den gowrak köşek alyndy

BT
“Şihmansur” we “Hanguýy” öri meýdanlarynda 800-den gowrak köşek alyndy
Mary welaýatynda “Sakarçäge” hojalygynyň öri meýdanlaryndaky düýe sürüsi, (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Mary welaýatynyň “Şihmansur” we “Hanguýy” öri meýdanlarynda şu ýyl 800-den gowrak köşek alyndy we ösdürilip ýetişdirildi. Şeýle hem ýaş mallary goşmak bilen düýeleriň umumy sany 4 müňe ýetdi. Bu barada “Neýtralny Türkmenistan” gazeti habar berdi.

“Şihmansur” we “Hanguýy” öri meýdanlary Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Sakarçäge” maldarçylyk hojalygynyň düzümine girýär. Hojalykda 20 sany ýöriteleşdirilen maldarçylyk topary düýedarçylyk bilen meşgullanýar. Olaryň arasynda Mekan Jumaniýazowyň, Dörtguly Baýramowyň we Röwşen Pirliýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary iň gowy netijeleri gazandy.

Hojalyk esasan arwana tohumly bir örküçli düýeleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşip, ol Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň düzümine girýär. Murgap jülgesi amatly tebigy şertleri we giň öri meýdanlary bilen gadymdan bäri türkmen düýedarçylygynyň esasy merkezleriniň biri hasaplanýar.

Düýedarçylyk Türkmenistanda maldarçylygyň däp bolan pudaklarynyň biridir. Döwlet hojalyklary ýerli oba hojalyk mallarynyň, arwana düýeleriniň, garaköli we sarajin goýunlarynyň gurak howa şertlerine hem-de öri meýdanlarynda bakylmaga uýgunlaşan tohumlaryny gorap saklamak we ösdürmek boýunça işleri dowam etdirýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС