“Garagum” hojalygynda 58 müň baş ownuk şahly mal idedilýär

BT
“Garagum” hojalygynda 58 müň baş ownuk şahly mal idedilýär
Öri meýdanda ownuk şahly mallaryň idedilýän pursady (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň “Garagum” maldarçylyk hojalygynda 58 müň baş ownuk şahly mal, şol sanda 27 müň baş goýun idedilýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berildi.

Hojalykda gurak howa şertlerine gowy uýgunlaşan garaköli we saryja tohumly goýunlar ösdürilip ýetişdirilýär. Garaköli tohumly goýunlar ýurtdaky goýun sürüleriniň esasy bölegini düzýär, saryja tohumly goýunlar bolsa halyçylykda ulanylýan uzyn ak ýüňi bilen gymmatly hasaplanýar.

“Garagum” hojalygynda mallary iýmit bilen üpjün etmek üçin her ýyl otjumak ösümliklerden taýýarlanan bede, ot-iýmlik ekinler, goşma iýmler we ýokumly garyndylar bilen birlikde 2 müň tonnadan gowrak ot-iým taýýarlanylýar. Hojalykda mallary bakmak we gyşlatmak döwürlerinde, guzy almak möwsüminde hem-de guzulary ilkinji aýlarynda ösdürip ýetişdirilýän döwründe olary saklamak üçin onlarça agyl enjamlaşdyrylandyr.

Hojalygyň hünärmenleri öri meýdanlaryny gorap saklamaga we ot-iým binýadynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge aýratyn üns berýärler. Mallar 100-den gowrak guýynyň töwereginde idedilýär we olaryň 50-si hojalygy ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edýär. Suw çeşmeleriniň, öri meýdanlarynyň ýagdaýyna we mallaryň saglygyna tejribeli çopan toparlary gözegçilik edýär. Olar mallary iýmitlendirmek, idetmek we bejermek işleri bilen meşgullanýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС