Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti “Mekdebe gaýdyp barmak” atly ýyllyk kampaniýanyň çäklerinde maýyplygy bolan çagalara we isleg bildiren maşgalalara täze okuw esbaplaryny gowşurdy. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti habar berdi.
Çäre 10-njy awgustda “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň maýyplygy bolan adamlara goldaw bermek boýunça merkeziniň goldawy bilen guraldy. Kampaniýanyň çäklerinde jemi 25 sany okuw bukjasy gowşuryldy.
Bäş ýyldan bäri geçirilýän kampaniýa çagalary täze okuw ýylyna taýýarlamaga we olaryň bilim almaga höwesini artdyrmaga gönükdirilendir. ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti bu başlangyjyň inklýuziw bilimi ösdürmäge we her bir çaganyň öwrenmek, ösmek hem-de öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmegine şert döretmäge gönükdirilendigini belleýär.
ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa we wekiliýetiň işgärleri täze okuw esbaplaryny çagalara gowşurdylar. Ilçi çykyşynyň dowamynda çagalara täze zatlary öwrenmäge höwesli, maksada okgunly bolmagy we öwrenmegi dowam etdirmegi maslahat berdi. Şeýle hem çäräniň çäklerinde interaktiw oýunlar, aýdym-saz we tans çykyşlary çagalarda uly täsir galdyrdy.

















