Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň (ASEAN) döredilmeginiň 59 ýyllygy mynasybetli 8-nji awgustda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda, guramanyň agza döwletlerinde we dünýäniň dürli künjeklerindäki hyzmatdaşlarynyň arasynda ASEAN güni giňden bellenildi. Bu barada Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan makalasynda bellenilýär.
Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň ASEAN bilen söwda we maýa goýum, arabaglanyşyk, syýahatçylyk, bilim, sanlylaşdyrma, medeniýet we halklaryň arasyndaky gatnaşyklar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegini goldaýandygyny aýtdy. Ilçihananyň bellemegine görä, şeýle hyzmatdaşlyk Günorta-Gündogar Aziýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem gepleşikleri, dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara gülläp ösüşi ösdürmäge bolan umumy ygrarlylygy güýçlendirmäge ýardam edip biler.
Makalada bellenilişine görä, Türkmenistanyň çäginde ASEAN-a agza döwletleriniň arasynda diňe Malaýziýanyň ilçihanasy bolup, ol ASEAN we onuň agza ýurtlary hem-de edaralary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada has köp maglumat almak isleýänler üçin göni aragatnaşyk merkezi hökmünde çykyş eder.
ASEAN 1967-nji ýylyň 8-nji awgustynda Bangkokda Indoneziýa, Malaýziýa, Filippinler, Singapur we Taýland tarapyndan döredilip, 2025-nji ýylda Timor-Lesteniň gurama kabul edilmegi bilen häzirki wagtda takmynan 700 million ilaty öz içine alýan 11 agza döwleti bar. Gurama syýasy we howpsuzlyk meseleleri, ykdysady integrasiýa, arabaglanyşyk, sanly özgertmeler, durnukly ösüş, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, tebigy betbagtçylyklary dolandyrmak we halklaryň arasyndaky gatnaşyklar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk edýär.
ASEAN-yň esaslandyryjy agzalarynyň biri bolan we guramanyň ösüşinde möhüm orun eýelän Malaýziýa 2025-nji ýylda ASEAN-a başlyklyk etdi. Başlyklyk döwründe Malaýziýa ASEAN-yň bitewiligine, ykdysady integrasiýasyna we guramanyň dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetine aýratyn üns berdi. “ASEAN 2045: Biziň umumy geljegimiz” atly Kuala-Lumpur Jarnamasynyň kabul edilmegi bolsa şol döwürde gazanylan esasy netijeleriň biri boldy. Bu resminama durnukly, innowasion, dinamiki we adamlaryň bähbitlerini ileri tutýan ASEAN-y döretmek, şeýle hem onuň agzybirligini, merkezi ornuny we sebit gurluşynyň kemala gelmegine goşandyny güýçlendirmek üçin uzak möhletleýin esasy ugurlary kesgitledi.
ASEAN sebitdäki ykdysady we sanly integrasiýany ösdürmek bilen, bu ugurda üpjünçilik zynjyrlaryny, arabaglanyşygy, harytlaryň, hyzmatlaryň we maýa goýumlaryň hereketini güýçlendirmek boýunça işler alyp barýar. Gepleşikleri tamamlanan we 2026-njy ýylyň ahyrynda gol çekilmegine garaşylýan “ASEAN Sanly ykdysadyýet çarçuwasy” baradaky ylalaşyk sebitdäki sanly ykdysady integrasiýany has-da çuňlaşdyrmagy maksat edinýär. Şol sanda, ASEAN energiýa howpsuzlygyna hem üns berýär.
2026-njy ýylda ASEAN-a “Geljegimize bilelikde ýol” şygary bilen Filippinler başlyklyk edýär. Filippinleriň ASEAN-a başlyklygy üç esasy ugra — parahatçylyk we howpsuzlygy berkitmäge, abadançylygy ösdürmäge we ilatyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. 2026-njy ýyldaky ASEAN gününiň bellenilmegi “Günorta-Gündogar Aziýada Dostluk we Hyzmatdaşlyk hakyndaky” şertnamanyň 50 ýyllygy bilen hem gabat gelýär. Bu şertnama özygtyýarlylyga hormat goýmagy, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlygy, jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmegi we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy öňe sürýär.

















