Aşgabatda 10-12-nji oktýabr aralygynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Bu barada çäräniň guramaçysy “Turkmenexpo” habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bu halkara çärä Türkmenistandan we daşary ýurtlardan kompaniýalaryň, hünärmenleriň, degişli guramalaryň we pudak wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde geçiriljek çärede häzirki zaman tehnologiýalary, täze çözgütler we pudaklaýyn tejribe alyşmak meselelerine üns berler. Şeýle hem üç günlük maksatnamanyň çäginde sergi bilen bir hatarda B2B we B2G duşuşyklary, bilermenleriň pikir alyşmalary, täze tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşlary we ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Çärä gatnaşyjylar lukmançylyk tehnologiýalary, farmasewtika, bilim maksatnamalary, sport enjamlary, fitnes hem-de reabilitasiýa ugurlary boýunça öz önümlerini we çözgütlerini hödürläp bilerler.

















