Türkmenistanda ilkinji gezek "Kids Expo-Chess Cup" halkara küşt ýaryşy geçiriler

BT
Türkmenistanda ilkinji gezek "Kids Expo-Chess Cup" halkara küşt ýaryşy geçiriler
“Kids Expo 2024” sergi-ýarmarkasynda çagalaryň küşt oýnaýan pursady, 2024-nji ýylyň 22-nji awgusty (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Aşgabat şäherinde 19-20-nji awgustda ilkinji gezek resmi halkara küşt ýaryşy — “Kids Expo-Chess Cup 2026” geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi toplumynda geçiriljek ýaryş “KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde guralar. Bu barada çäräniň guramaçysy “Turkmenexpo” habar berýär.

Rapid we blis görnüşlerinde geçiriljek bäsleşige 15-den gowrak ýurtdan U8, U10 we U12 ýaş toparlaryndaky ýaş küştçüleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaş türgenler Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň toparlaryna wekilçilik eder. Bäsleşikler Halkara Küşt federasiýasynyň (FIDE) düzgünleri boýunça geçiriler.

Aşgabatda geçiriljek ýaryşa halkara we milli küşt federasiýalarynyň wekilleri, grossmeýsterler we Türkiýeden, Iordaniýadan, Kambojadan, Nepaldan, Pakistandan, Ýaponiýadan, Şri-Lankadan, Siriýadan we Liwiýadan çempionlar hem gatnaşar. Çäräniň maksatnamasy ýaş küştçüler bilen hünärmen oýunçylaryň we halkara küşt jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmaga mümkinçilik berýän çäreleri hem öz içine alýar.

Serginiň dowamynda erkin oýun zolagy, ussatlyk sapaklary, okuw çäreleri, tanyşdyryşlar we küşt boýunça bäsleşik geçiriler. Mugallymlar, tälimçiler we küşt maksatnamalaryny guraýjylar üçin hem çagalar küştüni ösdürmäge bagyşlanan duşuşyklar guralar.

Ýaryş Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Halkara mekdep küşt federasiýasy, Türk küşt assosiasiýasy, Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň Freedom Asian Chess Initiatives (FACI) maksatnamasy, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we “TurkmenExpo” tarapyndan guralýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022