Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan bellenilmegi mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
“Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana berk jan saglyk, ýurduň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Nikol Paşinýan parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň, Ermenistanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy. Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan degişli karara 2-nji awgustda gol çekdi. Bu barada “Armenpress” habar berýär.

















