Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda birnäçe halkara guramalaryň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda migrasiýa, sebit howpsuzlygy, ekologik durnuklylyk, Hazar deňzini goramak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Daşary işler ministri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşygynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda migrasiýa hereketlerini dolandyrmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meselelere garadylar.
Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Wilýam Lif bilen duşuşygynda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem sebitleýin howpsuzlyk, ykdysady-ekologik hyzmatdaşlyk we ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaosýun Greýs Wan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk utgaşdyrmak we amaly taýdan ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine we Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň BMG-niň çäklerinde ilerledilmegine aýratyn üns berdiler.
Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem taraplar yzygiderli syýasy dialogyň we konstruktiw özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşyklarda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň ekoulgamyny saklamak bilen bagly meseleleriň ähmiýeti bellenildi.

















