Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky müşderilerine banka barmazdan dürli bank amallaryny onlaýn görnüşde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän “Internet bank” hyzmatyny hödürleýär. Bu barada “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky habar berýär.
“Internet bank” hyzmatyny birikdiren müşderiler banka barmazdan hasaplaşyk hasaplaryndaky galyndylaryny görüp, banka iberilen töleg resminamalarynyň ýagdaýyny yzarlap we hasaplaşyklary geçirip bilerler. Şeýle hem müşderiler karz almak we goşmaça bank hasaplaryny açmak boýunça ýüztutmalaryny onlaýn görnüşde banka iberip bilerler.
Mundan başga-da, müşderiler hyzmat arkaly ipoteka we beýleki karzlaryň esasy bergisini we göterimlerini, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatorynyň, Aşgabat şäher telefon ulgamynyň, internet we IP-TV hyzmatlarynyň töleglerini amala aşyryp bilerler. Hyzmat müşderilere bank kartasy boýunça göçürme almaga hem mümkinçilik berýär.
Bankyň maglumatyna görä, bu amallaryň ählisini internet ulgamyna birikdirilen şahsy kompýuter, planşet ýa-da ykjam telefon arkaly günüň islendik wagty ýerine ýetirmek mümkin. “Internet bank” hyzmatyndan peýdalanmak isleýän müşderiler bankyň merkezi diwanyna ýa-da onuň şahamçalaryna ýüz tutup bilerler.

















