Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň port gözegçiligi boýunça hünärmenleri 11-13-nji awgust aralygynda Türkmenbaşy we Alýat halkara deňiz portlarynda deňiz gatnawlarynda maglumat alyşmak boýunça bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy penşenbe güni habar berdi.
Çäre Bütindünýä gümrük guramasy (WCO) bilen bilelikde ýolagçy we ýük daşamalaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamanyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň guramagynda geçirildi.
Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri tarapyndan geçirilen okuw çäresi 11-nji awgustda Türkmenistanda başlady. Soňra Hazar deňzinden geçýän gäminiň üstünde dowam edip, 13-nji awgustda Azerbaýjanyň Alýat portunda tamamlandy.
Amaly okuwyň dowamynda gatnaşyjylar deňiz gämilerinde daşalýan ýükleriň sanawlaryny we haryt ulag resminamalaryny seljermek, şeýle hem ulag serişdeleriň hem-de ýükleriň gümrük barlagyny geçirmek boýunça tejribe alyşdylar.
Çäräni gurnaýjylaryň habar bermegine görä, okuw çäresi Hazar deňzinde halkara ýük dolanyşygyny ösdürmek, deňiz gatnawlarynda harytlaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak bilen töwekgelçiligi azaltmak, hem-de Port gözegçilik topar agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak we maglumat alyşmak boýunça tejribelerini artdyrmak, Türkmenbaşy we Alýat halkara deňiz portlarynyň özara gatnaşyklaryny ösdürmek maksatlaryna gönükdirildi.

















