Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Duşuşyk 13-nji awgustda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredowyň we Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşyga özbek tarapyndan Ulag we logistika ösüş meselelerini öwreniş merkeziniň direktory Bekzod Holmatow, Daşary işler ministrliginiň we Özbegistanyň Halkara awtoulag daşaýjylary birleşiginiň wekilleri, şeýle hem milli daşaýjy we ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Taraplar “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki amallary kämilleşdirmek, nobatlary azaltmak we wagty tygşytlamak boýunça meselelere garadylar. Şeýle hem tiz zaýalanýan ýükler üçin aýratyn geçelge döretmek hem-de bitarap çäkde ikinji köprini gurmak teklip edildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy portunyň üsti bilen awtoulag we demir ýol arkaly ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak, agram we ölçeg çäklendirmelerine täzeden garamak meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.
Türkmen tarapy öňe sürlen tekliplere garamaga we olary degişli döwlet edaralarynyň garamagyna ýetirmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ulag-logistika gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we ýük daşamalarynda amatly şertleri döretmek maksady bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.

















