Türkmenistanyň Prezidenti Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama işlerine başlamaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Karara laýyklykda, ministrlige Bütindünýä ýöriteleşdirilen “EKSPO — 2027” sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama işlerini, şeýle hem beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek ygtyýarlygy berildi. Sergi 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriler.
2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek “EKSPO-2027 Belgrade” sergisi Günbatar Balkan ýurtlarynda geçiriljek ilkinji ýöriteleşdirilen EKSPO bolar. Serginiň resmi internet sahypasyndaky maglumatlara görä, sergä 130-dan gowrak ýurtdan 4 milliondan gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem sergi 25 gektar meýdany eýelär.
“Play for Humanity: Sport and Music for All” (“Adamzat üçin oýun: hemmeler üçin sport we saz”) diýen at bilen geçiriljek sergide gatnaşyjy ýurtlar 93 günüň dowamynda öz milli pawilýonlaryny hödürlär. Serginiň maksatnamasynyň çäklerinde medeni we sport çäreleri, konsertler, işewür duşuşyklar, seminarlar hem-de beýleki halkara çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

















