Ýewraziýa ösüş bankynyň (ÝÖB) Ýewraziýa ulag ulgamynyň taslamalary boýunça obserwatoriýasynyň 2026-njy ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna täzelenen maglumatlaryna görä, Merkezi Aziýada umumy bahasy 71,75 milliard dollardan gowrak bolan 114 ulag taslamasy alnyp barylýar we durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär. Obserwatoriýa 13 ýurtdaky ulag geçelgeleriniň ösüşi baradaky maglumatlaryny özünde jemleýän sanly platformadyr.
ÝÖB-niň maglumatlaryna görä, Ýewraziýa ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen, häzirki wagtda amala aşyrylýan we geljekde meýilleşdirilýän jemi 402 taslama Obserwatoriýa girizildi. Bu taslamalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň umumy möçberi 345 milliard dollara barabar bolup, şol maýa goýumlaryň 21 göterimden gowragy – 71,75 milliard ABŞ dollaryndan hem köp bölegi, Merkezi Aziýa döwletlerinde amala aşyrylýan 114 taslama degişlidir.
Merkezi Aziýada 2025-nji ýylda umumy maýa goýum möçberi 6 milliard ABŞ dollaryndan hem köp bolan iri ulag taslamalary durmuşa geçirildi. Bu tasalamalaryň çäginde Türkmenistanda Aşgabat — Mary — Türkmenabat awtomobil ýoly hem-de “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli bölegi ulanmaga berildi.
Şeýle hem, Gazagystanda Dostyk — Moýynty demir ýol liniýasynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen birlikde, Gyrgyzystanda “Demirgazyk — Günorta” alternatiw awtomobil ýolunyň Kök-Art geçelgesindäki ýerasty geçelgäniň gurluşygy, Täjigistanda bolsa Obigarm — Nurobod awtomobil ýolunyň aýry-aýry bölekleriniň gurluşygy tamamlandy. Mundan başga-da, Özbegistanda Buhara — Ürgenç — Hywa demir ýolunyň elektrikleşdirilmegi ýokary tizlikli ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmaga giň mümkinçilik berdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň takmynan 56 göterimi awtomobil ýollarynyň ulgamyny ösdürmäge, 29,8 göterimi bolsa ulag geçelgeleriniň demir ýol böleklerini ösdürmäge gönükdirilýär. Ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň 42,8 milliard ABŞ dollary TRACECA geçelgesini, şol sanda Hazarüsti halkara ulag ugruny ösdürmäge gönükdirilendir. Taslamalaryň umumy bahasynyň 45 göterimden gowragy Gazagystana degişlidir.

















