Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 4 milliard 821 million 969 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Gümrük gullugy habar berýär.
2026-njy ýylyň iýun aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 890 million 262 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Haryt dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistan Hytaýa jemi 4 milliard 44 million 409 müň dollarlyk önüm iberdi. Şol bir döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi 777 million 559 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 10 milliard 46 million 52 müň ABŞ dollaryna barabar bolupdy.

















