Türkmenistan bilen Gazagystan Bakudan üstaşyr 2,6 mln tonna nebit geçirdi

BT
Türkmenistan bilen Gazagystan Bakudan üstaşyr 2,6 mln tonna nebit geçirdi
Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Adana welaýatynyň Jeýhan etrabyndaky Geýdar Aliýewiň adyny göterýän nebit guýujy terminal. (Surat: AA)

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly 2026-njy ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystan möçberi 2 million 618 müň 500 tonna barabar bolan nebiti geçirdi.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Azertac” neşiriniň habar bermegine görä, nebit Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi arkaly degişli döwürde daşalan nebitiň umumy möçberiniň 17,7 göterimini düzýär.

Ýanwar–iýul aýlarynda Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi arkaly jemi 14 million 773 müň 200 tonna nebit daşaldy. Onuň 12 million 154 müň 700 tonnasyny ýa-da 82,3 göterimini Azerbaýjanda çykarylan nebit emele getirdi.

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi 1768 kilometr aralyga uzaýar. Ol Hazar deňzinden çykarylýan çig nebiti Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan başlap, Gruziýanyň üsti bilen Türkiýäniň Ortaýer deňzindäki Jeýhan portuna ýetirýär.

2022
ENG TM РУС