“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

BT
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň hem-de “Turkish Airlines” awiakompaniýasynyň uçarlary (Surat: Aktug Ates/Creative Commons)

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.

Uçuş tertibiniň täzelenen rejesine görä, Aşgabat–Kazan ugry boýunça penşenbe we anna günleri goşmaça gatnawlar ýola goýlup, gatnawlaryň ýygylygy hepdede dörtden alty gezege ýetiriler. Häzirki wagtda bu ugur boýunça uçuşlar sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem, ýekşenbe güni ýerine ýetirilýän T5-737 gatnawynyň uçuş wagty bolsa 09:25-den 22:45-e geçiriler.

Şol bir wagtyň özünde, Aşgabat-Stambul gatnawlaryň sany hem çarşenbe güni täze gatnawyň goşulmagy bilen hepdäniň ähli günlerinde amala aşyrylyp,üçuşlaryň sany hepdede 12-den 13-e ýeter. Şeýle hem uçuşlaryň üýtgedilen tertibine laýyklykda, T5-921 gatnawy Aşgabatdan 18:20-de däl-de, 19:10-da, T5-901 gatnawy bolsa 05:50-de däl-de, 07:30-da amala aşyrylar hem-de anna güni ýerine ýetirilýän irdenki gatnawyň uçuş wagty 04:35-den 03:40-a geçiriler.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Hoşimin şäherine anna güni täze gatnawy ýola goýmak bilen gatnawlaryň sanyny hepdede iki-den üçe ýetirer. Şeýle hem Seula täze gatnawyň goşulmagy bilen, uçuşlar sişenbe hem-de penşnbe günleri amala aşyrylar. Aşgabat-Milan ugry boýunça bolsa anna gününde goşmaça gatnawyň goşulmagy bilen uçuşlaryň sany ikiden üçe ýeter. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat–Deli ugry boýunça gatnawlaryň sany üçden iki gezege çenli azaldylyp, şenbe güni ýerine ýetirilýän gatnaw tertipden aýrylar.

2022