“Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda şu ýylyň ýedi aýynda 7 müň 639 telefon nokady gurnaldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Kärhana welaýatyň etraplarynda, şäherlerinde we oba ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek hem-de ýokary tizlikli internet beketlerini oturtmak boýunça işleri alyp barýar. Geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäginde 16 müň 447 telefon nokady oturdyldy, diňe iýul aýynda bolsa olaryň sany 1 müň 287 nokada çenli artdy.
Şeýle hem welaýat boýunça kärhananyň telefon hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sany 127 müň 520-ä ýetdi. Mundan başga-da ýokary tizlikli internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Şeýle-de iýul aýynyň dowamynda welaýat boýunça 2 müň 138 internet nokady ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirildi. Şu ýylyň ýedi aýynda internet hyzmatyna birikdirilen nokatlaryň sany 9 müň 157-ä, ýokary tizlikli internet hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriň sany bolsa 91 müň 125-e ýetdi.

















