Türkmen Ilçisi ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze Prezidenti bilen duşuşdy

BT
Türkmen Ilçisi ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen Ilçisi bilen ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze bellenen Prezidentiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 17-nji awgusty (Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atadurdy Baýramow 17-nji awgustda ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze bellenen Prezidenti Ý. Kanehan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 14-16-njy dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetleriniň 16-njy mejlisine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da Türkmenistan bilen ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň biri bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça taslamalar barada pikir alyşdylar.

2022
ENG TM РУС